Behiştli Dünýä Hojalyk Jemgyýeti, Türkmenistanda öňdebaryjy derman kompaniýalarynyň biri bolup, ýurduň ähli künjegindäki dermanhanalara ýokary hilli dermanlary we lukmançylyk önümleriniň giň görnüşini ýetirmegi öz öňünde maksat edinýär. Dermançylyk pudagynda 13 ýyldan gowrak tejribe we 30-dan gowrak ýurt bilen güýçli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly biz elýeterli, howpsuz we täsirli saglygy goraýyş çözgütleriniň ýurdumyz boýunça elýeterliligini üpjün edýäris. Biziň işimizi kompaniýanyň özüne degişli dermanhana ulgamy, ygtyýarnama esasynda işleýän logistika toplumy we önümleriň hilini hem-de wagtynda eltip berilmegini üpjün edýän häzirki zaman ammarlary güýçlendirýär. Şeýle hem, her bir hyzmatymyzda öz hünärine wepaly we jogapkärçilik bilen çemeleşýän 100-den gowrak ýokary derejeli işgärlerden ybarat tejribeli toparymyz bilen buýsanýarys.
Behiştli Dünýäniň esasy maksady — dünýäniň dermançylyk ulgamyndaky ösüşleri bilen türkmen halkynyň saglyk zerurlyklarynyň arasyndaky aralygy ýapmakdan ybaratdyr. Biz halkymyzyň saglygyna we abadançylygyna goşant goşmak maksady bilen elýeterliligimizi giňeldýäris şeýle-de hyzmatlarymyzyň hilini dowamly ýokarlandyrýarys.
Biziň ýörelgämiz — Türkmenistanda iň ynamdar we ygtybarly derman hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde öz ornumyzy saklamakdyr. Biz paýlaýyş ulgamymyzy giňeltmek, hyzmatlaryň hilini yzygiderli kämilleşdirmek we milli saglygy goraýyş ulgamyna oňyn we dowamly goşant goşmak arkaly bu pudakda öňdeligi saklamagy maksat edinýäris. Dogruçyllyk, ynam, täzeçillik ýaly ýörelgelere daýanmak bilen, ýurdumyzda lukmançylyk işgärleriniň we näsaglaryň berk daýanjy bolmaga ymtylýarys.
Biziň maksadymyz — halkara derejesinde ykrar edilen ýokary hilli lukmançylyk we derman serişdelerine giň elýeterliligi üpjün etmek arkaly Türkmenistan ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmakdyr. Biz derman serişdelerini iň elýeterli bahadan hödürlemek bilen bilelikde, halkara howpsuzlyk we hil standartlaryna berk eýerýäris. Güýçli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, netijeli logistika we müşderi merkezli çemeleşme arkaly bizde bar bolan saglygy goraýyş çözgütleriň ählisiniň halkymyza elýeterli bolmagy ugrunda zähmet çekýäris.
Infrastruktura we mümkinçilikler
Behiştli Dünýä Hojalyk Jemgyýeti halkara hyzmatdaşlygyň täsirli we ygtybarly saglygy goraýyş çözgütlerini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýar. Biz soňky 13 ýylyň dowamynda 30-dan gowrak ýurduň öňdebaryjy derman öndürijileri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýduk. Bu gatnaşyklarymyz arkaly ýurdumyzyň her bir sebitiniň saglyk ulgamyna laýyk gelýän ýokary hilli we ynamdar lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň giň görnüşini hödürlemegini üpjün edýäris.
Biziň halkara hyzmatdaşlarymyzyň arasynda Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Bulgariýa, Latwiýa, Türkiýe, Gresiýa, Polşa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Hytaý we Baltika ýurtlary ýaly döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalary bar. Şeýle hem, biz Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Ukraina, Belarusiýa, Moldowa, Ermenistan, Gruziýa we Azerbeýjan ýaly goňşy ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen hem iş alyp barýarys. Bu ýurtlardaky hyzmatdaşlygymyz dünýäde tanalýan, innowasiýa we hil babatda öňe saýlanýan kompaniýalary bolan — Abbott, Bionorica, EVER Pharma, KRKA we başga-da köp sanly abraýly brendleri öz içine alýar.
Bu strategik hyzmatdaşlyklar, müşderilerimiziň ynam bildirýän hyzmatlarynyň dürlüligini, howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ähli hyzmatdaş kompaniýalar halkara howpsuzlyk standartlaryna, önümiň hilini dolandyrmak boýunça öňdebaryjy ýörelgelere (GMP) we degişli kadalara laýyklygy esasynda ünsli saýlanýar. Munuň netijesinde, biziň eltip berýän ähli önümlerimiz ýokary täsirlilik derejesine we ynama laýyk gelýär.
Halkara hyzmatdaşlyklarymyz arkaly Behiştli Dünýä, dünýä derejesindäki dermançylyk tejribesini ýerli saglygy goraýyş zerurlyklary bilen birleşdirmek baradaky maksadyny has-da güýçlendirýär. Halkara hyzmatdaşlyk ulgamymyzy yzygiderli giňeltmek we pugtalandyrmak arkaly biz Türkmenistanyň dermanhanalaryna, lukmançylyk edaralaryna dünýä derejesindäki saglygy goraýyş çözgütlerine elýeterliligi üpjün edýäris.